Azerbaýjan tarapyndan teklip edilen 5 ýörelge Ermenistan tarapyndan kabul edildi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, iki ýurdyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin hödürlän 5 ýörelgäniň Ermenistan tarapyndan kabul edilendigini habar berdi

1809920
Azerbaýjan tarapyndan teklip edilen 5 ýörelge Ermenistan tarapyndan kabul edildi

Azerbaýjanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda, Prezident Ilham Aliýew Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, iki ýurdyň arasynda gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin Ermenistana hödürlän 5 ýörelgäniň üstünde durup geçdi.

Beýanatda Aliýewiň Putine Ermenistanyň şol ýörelgeleri kabul edendigini habar berdi.

Azerbaýjan gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin Ermenistana döwletleriň biri-birleriniň özbaşdaklyklaryny, territorial bütewiliklerini, halkara serhetleriň eldegrilmesizligi we syýasy garaşsyzlyklarynyň ikitaraplaýyn häsýetde ykrar edilmegi, döwletleriň biri-birilerinden territorial talaplarynyň bolmajakdygy we gelejekdäki döwürde hem şolar ýaly talaplaryň bolmajakdygy barada kanuny bir jogapkärçilikleriň ykrar edilmegi, biri-birleriniň howpsuzlyklaryna wehim salmazlyk, syýasy garaşsyzlyk we territorial bütewilige garşy howp we güýç ulanmakdan we BMG-nyň ylalaşyklaryna ters gelýän beýleki ýagdaýlardan saklanmak, serhetleriň kesgitlenmegi we diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we transport we aragatnaşyk liniýalarynyň açylmagy, beýleki degişli aragatnaşyk torlarynyň ýola goýulmagy we bähbit ugrunda hyzmatdaşlyk ýaly maddalardan ybarat teklip hödürläpdi. 



Degişli Habarlar