Azerbaýjanyň Ozalky Prezidentlerinden Aýaz Mutallibow Aradan Çykdy

Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny yglan edenden soň ilkinji prezidenti wezipesini ýerine ýetiren Aýaz Mutallibow 84 ýaşynda aradan çykdy.

1802741
Azerbaýjanyň Ozalky Prezidentlerinden Aýaz Mutallibow Aradan Çykdy

 

Azerbaýjanyň Sowet Soýuzyndan aýrylyp garaşsyzlygyny yglan edenden soň ilkinji prezidenti wezipesini ýerine ýetiren Aýaz Mutallibow 84 ýaşynda aradan çykdy.

Bakuda doglan Mutallibow, 1989-njy ýylda Azerbaýjan Sowet Sosýalist Respublikasynyň Ministrler geňeşiniň başlyklygyna bellenýär. Azerbaýjanyň Sowet Soýuzyndan aýrylyp garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň hem ýurdy dolandyrmaga dowam edýär.

Aýaz Mutallibow, 1991-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirlen saýlawda üstünlik gazanyp garaşsyz Azerbaýjanyň ikinji prezidenti bolýar.

1992-nji ýylyň 6-njy martyndan wezipesinden çekilen Mutallibow Russiýa gidýär.

Mutallibow 2012-nji ýyla çenli Russiýada ýaşandan soň ýurduna dolanýar.

Aýaz Mutallibow birnäçe wagtdan bäri hassahanada bejergi alýardy.

 



Degişli Habarlar