Azerbaýjan Türkiýe-Ermenistan Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagyny Goldaýar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow ýurdunyň Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna doly goldaw berýändigini aýtdy.

1794553
Azerbaýjan Türkiýe-Ermenistan Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagyny Goldaýar

Baýramow Antalýa Diplomatiýa forumy 2022 bilen bagly garaýyşlaryny we aktual meseleler hakyndaky piklerini beýan etdi.

Baýramow şu ýyl ikinjisi geçirilen Antalýa Diplomatiýa forumynyň täzedigine garamazdan iňňän netijeli halkara platformadyfgyny we Azerbaýjanyň foruma uly wekiliýet bilen gatnaşandygyny aýtdy.

Baýramow Ukraina-Russiýa söweşinde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň iki tarapbilen hem aragatnaşyk saklap, diplomatik çözgüt ugrunda tagalla edýändigini, söweşiň dowam etmeginiň biri-birine ýakyn bolan rus we ukrain halklarynyň arasyndaky dartgynlygyň hasam artmagyna sebäp boljakdygyny aýtdy.

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşma tapgyrynda edilýän başlangyçlar we Azerbaýjanyň Ermenistan bilen gatnaşyklarynyň kadalaşmagy boýunça hödürlän täze teklibi hakynda-da durup geçen Baýramow; “Bu, hem Azerbaýjan hem-de Türkiýe tarapyndan sebitimizdäki ýurtlaryň gatnaşyklarynyň kadalaşmagy, kadaly goňşuçylyk gatnaşyklarynyň açylmagy ugrunda edilen iňnän möhüm başlangyçlaryň anyk mysalydyr” diýdi.

Baýramow Azerbaýjan-Ermenistan gatnaşyklaryndaky esasy bökdençligiň “basyp alyjylyk faktorydygyny” beýan edip, onuň ortadan aýrylmagy bilen Azerbaýjanyň Ermenistan bilen gatnaşyklarynyň kadalaşjakdygyny nazarda tutup, resmi Ýerawana täze teklip hödürländigini nygtady.

Şondan soň Türkiýäniň hem Ermenistan bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga taýýardygyny beýan edendigini aýdan Baýramow; “Azeraýjan hem bu çemeleşmä doly goldaw berdi” diýdi.

Soňky bir ýylda Ýewropa ýurtlaryndan gaz islegleriniň kanagatlandyrylmagy boýunça Azerbaýjana bolan gyzyklanmanyň ýokarlandygyny beýan eden Baýramow, mesele boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar