Türkiýe, Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Hoşallyk Bildirdi

Öňňin agşam Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde bolan çaknyşykda iki adam ýogalypdy, 21 adam hem ýaralanypdy.

1770037
Türkiýe, Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Hoşallyk Bildirdi

Türkiýe, Täjigistan-Gyrgyzystan serhedinde bolan çaknyşygyň parasatlylyk bilen möwjemezden bes edilmegine we ylalaşyk gazanylmagyna hoşallyk bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Dost we doganlyk iki ýurduň arasynda serhetgalasynda başdan geçirlen dartgynlygyň gepleşik arkaly parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine hoşallyk bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, “Şuňa meňzeş wakalaryň indi gaýtalanmazlygyny arzuw edýäris, wakada ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Öňňin agşam Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde bolan çaknyşykda iki adam ýogalypdy, 21 adam hem ýaralanypdy.

Geçirlen gepleşikler netijesinde iki ýurt çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanypdy.



Degişli Habarlar