Gyrgyzystan Bilen Täjigistan, Çaknyşyklaryň Bes Edilmegi Meslesinde Ylalaşyk Gazandy

Iki ýurduň raýatlarynyň arasynda düýn agşam başdan geçirlen dartgynlyk esgeriň arasynda çaknyşyga öwrülipdi.

1769591
Gyrgyzystan Bilen Täjigistan, Çaknyşyklaryň Bes Edilmegi Meslesinde Ylalaşyk Gazandy

Gyrgyzystanyň milli howpsyzlyk komitetiniň metbugat gullugyndan berlen beýannamada, geçirlen gepleşikler netijesinde çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde doly ylalaşyk gazanylandygyny habar berildi.

Taraplardan her biriniň esgerlerini yzyna çekmegi, Batken-Ysfana gara ýolunyň gatnawa açylmagy, çaknyşygyň öňüniň alynmagy bilen Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň howpsyzlyk güýçleriniň serhetde gözegçilik işlerini geçirmegi meselesinde karar kabul edildi.

Dartgynlygyň gowşamagy üçin geçirlen gepleşiklere Gyrgyzystanyň Batken welaýatynyň häkimi Abdikarim Alimbaýew bilen Täjigistanyň Sogdiý welaýatynyň häkimi Radžab Ahmatdozanyň ýolbaşçylygynda degişli guramalaryň wekilleri gatnaşypdy.

Iki ýurduň raýatlarynyň arasynda düýn agşam başdan geçirlen dartgynlyk esgeriň arasynda çaknyşyga öwrülipdi.



Degişli Habarlar