TBMM Gazagystandaky Aksiýalary Ýazgardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda Gazagystandaky pajygaly aksiýalaryň ýazgarylmagy hakynda beýannama kabul edildi.

1761825
TBMM Gazagystandaky Aksiýalary Ýazgardy

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen Adalat we ösüş partiýasy, Respublikan halk partiýasy, Milletçi hereket partiýasy we Gowy partiýa tarapyndan Gazagystana goldaw ýüzlenmesi çap edipdi.

TBMM-niň Baş Assambleýasynda okalan bilelikdäki beýannamada: “Doganlyk Gazagystanda soňky günlerde başdan geçirilen wakalara alada bildirilýandigi” nygtaldy.

Gazagystanyň durnuklylygynyň we asudalygynyň Türkiýäniň parahatçylygy we asudalygy ýaly möhümdigine üns çekilýän beýannamada; “Gazagystanyň halkynyň parasatlylygy we hökümetiň egilşiksiz çemeleşmesi netijesinde wakalaryň köşeşmäge hem-de ýurtda şertleriň kadalaşmaga başlamagyna kanagatlanma bildirýäris. Wakalarda aradan çykan gazak doganlarymyza alladan rehnet, gussaly ýakynlaryna duýgudaşlyk we sabyr, ýaralananlara şypa dileýäris. Adamyň janyna howp salýan, jemgyýetçilik ulgamy bozan we emläge zeper ýetiren aksiýalary ýazgarýarys. Gazagystanyň hökümetiniň halkyň ýaşaýyş şertlerini hasam gowulandyrmak boýunça özgertme etme başlangyjyny goldaýarys. Gahryman Mejlisimiz 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň dowamynda Gazagystanyň eden arkalaşygyny ýatdan çykarmaz. Garaşsyzlygynyň ilkinji gününden bäri Gazagystany goldap gelen Türkiýe mundan beýläk hem Gazagystanyň sebit üçin hem iňňän möhüm bolan parahatçylygyna we durnuklylygyna ähli goldawy bermegi dowam etdirer” diýilýär.

 



Degişli Habarlar