Putin Tokaýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1762221
Putin Tokaýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, telefon gürrüňdeşliginde Tokaýew Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyň Parahatçylyk güýjüniň Gazagystanda düzgün tertibiň ýola goýulmagy boýunça alyp baran işleri barada Putine maglumat berdi. 

Tokaýewiň Russiýanyň beren kömekleri sebäpli minnetdarlyk bildiren telefon gürrüňdeşliginde, Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasyna agza ýurtlaryň harby birikmeleriniň Gazagystanyň topraklaryndan sazlaşykly ýagdaýda çekilmäge başlamagy bilen baglanşykly meseleler ele alyndy. 

Gazagystana 6-njy ýanwarda ýerleşen Russiýa, Belarussiýa, Ermenistan, Gyrgyzystan we Tajigistanyň harby birikmelerinden ybarat Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyň Parahatçylyk güýjüniň ýurtdan çekilmek tapgyrynyň şu gün başlandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar