KHYG-nyň Güýçleri Gazagystandan Çekilmäge Başlady

Gazagystandaky protestlerden soň ornaşdyrylan Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň parahatçylyk güýji pozisiýalaryny gazak howpsuzlyk güýçlerine tabşyryp, ýurtdan çekilmäge başlady.

1762063
KHYG-nyň Güýçleri Gazagystandan Çekilmäge Başlady

Gazagystanda hökümete garşy protestleriň çaknyşyklara öwrülmeginden soň ýurda ugradylan KHYG-nyň parahatçylyk güýji çekilmäge ýurtdan çekilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada Gurama bilen Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda parahatçylyk güýjüniň gorag astyna alan jemgyýetçilik desgalary ýerli howpsuzlyk güýçlerine tabşyrylmaga başlanandygy habar berildi.

Parahatçylyk güýjüniň esgerleriniň 10 günüň dowamynda Gazagystandan doly çekilmegi meýilleşdirilýär.

Gazagystanda 2-nji ýanwarda Žanözen we Aktau şäherlerinde suwklandyrylan nebit gazynyň nyrhynyň gymmatladylmagyna garşy halk köçelere çykypdy, protestler 2 gün son Almatyda we ýurduň beýleki şäherlerinde başlapdy.

Hökümetiň iş başyndan çekilmegine we nyrhlaryň aşakladylmagyna garamazdan protestçiler egilşik etmedi we pajygaly wakalar ýüze çykypdy.

Prezident Kassym-Žomart Tokaýew demonstrantlaryň döwlet edaralaryny hüjüm etmegi sebäpli ýurtda adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan edip, Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyndan kömek sorapdy.

Gurama ýurtdaky şertleri kadalaşdyrmak üçin ýurda 2 müňden gowrak parahatçylyk güýjüni ugradypdy. Wakalaryň dowamynda 164 adam ýogalypdy, ýüzlerçe howpsuzlyk gullukçysy ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar