Şentop Gazagystanyň Ilçisini Kabul Etdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Gazagystanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abzal Saparbekulyny kabul etdi.

1761124
Şentop Gazagystanyň Ilçisini Kabul Etdi

Şentop kabul edişlikde Gazagystandaky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny beýan edip, durnuklylygyň üpjün edilmegine kanagatlanma bildirdi.

Gazagystanda durnuklylygyň ýola goýulmagynyň sebit üçin hem möhümdigine ünsi çeken Şentop; “Türkiýe mundan beýläk hem elinden gelen goldawy bermäge taýar” diýdi.

Ilçi Saparbekuly bolsa Şentopa ýurdunda başdan geçirilen wakalar hakynda maglumat berdi.

Ýurtda tertip-düzgüniň ýola goýulandygyny nygtan Saparbekuly, Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň Parahatçylyk güýjüniň hem 2 günüň dowamynda ýurtda çekilmäge başlajakdygyny beýan etdi.

Gazagystanda 2-nji ýanwarda suwklandyrylan nebit gazynyň nyrhynyň ýokarlandyrylmagy we jemgyýetçilik-ykdysady şertleriň ýaramazlaşandygy sebäpli başlap protest aksiýalarynda howpsuzlyk güýçleriniň gullukçylary bilen birlikde köp sanly adam aradan çykypdy.

Gazagystanyň hökümeti bolsa iş başyndan çekilmeli bolupdy.



Degişli Habarlar