Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Dartgynlyk

Ermenistanyň harby goşunynyň düýn günorta wagty Kelbejerde başladan meçew beriji hüjümleri sebäpli ýagdaý dartgynlaşdy

1761081
Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Dartgynlyk

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň harby goşunynyň düýn günorta wagty Kelbejerde başladan meçew beriji hüjümleri sebäpli ýagdaýyň dartgynlaşandygyny habar berdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, Azerbaýjanyň goşunlarynyň ermeni hüjümleriniň öňüniniň alynmagy üçin degişli çäreleri görendigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň top ýada howa goranyş ulaglaryny ulanmandygy, ýagdaýyň Azerbaýjanly esgerleriň gözegçiligi astyndadygy bellenildi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada hem “Ermenistanyň harby prowokasiýalaryny dowam etmegini berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýannamada, dartgynlykdan Ermenistanyn harby ýolbaşçylarynyň we syýasatçylarynyň jogapkärdigi ýatladyldy.

Düýn günorta wagty Ermenistanyn harby goşunynyň ot açandygy sebäpli azerbaýjanly 1 esger şehit bolupdy.



Degişli Habarlar