Türki Döwletleriň Guramasy Gazagystanyň Hökümetini we Halkyny Goldaýar

Türki döwletleriň guramasy bar bolan kynçylyklaryň ýeňilip geçilmeginde Gazagystanyň hökümetine we halkyna degişli goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

1760823
Türki Döwletleriň Guramasy Gazagystanyň Hökümetini we Halkyny Goldaýar

TDG-na agza we synçy ýurtlaryň daşary işler ministrleri Gazagystandaky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn formatda nobatdan daşary maslahatyndan soň ýazmaça beýannama berdi.

Gazagystana we ýurduň doganlyk halkyna bolan ygrarly goldaw hem-de arkalaşyga ýene-de bir gezek üns çekilýän beýannamada, sebitinde we dünýäde durnuklylyk hem-de howpsuzlyk taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan Gazagystanyň parahatçylygynyň we durnuklylygynyň möhümdigi nygtaldy.

Beýannamada adamlara howp salan, jemgyýetçilik ulgamy bozan we emläge zyýan ýetiren agressiw we ýumrujy aksiýalar ýazgarylyp, gazak resmileriniň jemgyýetçilik ulgamy we kadaly şertleri gysga möhletde dikeltmäge bolan ukybyna ynam bildirildi.

Halkara hukugyň başlangyç kadalaryny we normalaryny goldamagyň ähmiýetine üns çekilýän beýannamada, Gazagystanyň hökümetiniň ýurtda konstitutsion ulgamy ýykmagy maksat edinen terrorçylara, radikallara we jenaýatçylara garşy terrorizme garşy göreş operasiýalaryna berilýän goldaw nygtaldy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýewiň doganlyk gazak halkynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyryjy özgertmeleri gün tertibine getirmegine goldaw berilýän beýannamada, bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň hem-de geňeşmeleriň dowam etmegi boýunça ylalaşylandygy nygtalýar.

Gazagystan, TDG-nyň Azerbaýjan, Türkiýe, Gyrgyzstan we Özbegistan bilen bilelikde 5 agzasyndan biri.

Guramanyň synçy agzalary bolsa Türkmenistan bilen Wengriýa.

Gazagystanda 2-nji ýanwarda suwklandyrylan nebit gazynyň nyrhynyň artdyrylmagy we jemgyýetçilik-ykdysady şertleriň agyrlaşmagy sebäpli başlan protest aksiýalarynda howpsuzlyk güýçleri bilen birlikde onlarça adam ýogalypdy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew protestlerden hökümeti jogapkär saýyp, hökümetiň iş başyndan çekilmek hakyndaky talabyny kabul edipdi.

Protestleriň ýaýbaňlanmagy netijesinde ýurtda adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edilipdi.

 



Degişli Habarlar