Tokaýew KHYG-nyň Parahatçyk Güýçleriniň 2 Gün Son Çykmaga Başlajakdygyny Beýan Etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Kollektiw howpsyzlyk ylalaşygy guramasynyň Parahatçylyk güýjüniň 2 gün soň tapgyrlaýyn görnüşde ýurtdan çekilmäge başlajakdygyny aýtdy.

1760519
Tokaýew KHYG-nyň Parahatçyk Güýçleriniň 2 Gün Son Çykmaga Başlajakdygyny Beýan Etdi

Tokaýew parlamentde sözlän sözünde ýurtdaky ýagdaý hakynda beýannama berdi.

Gazagystana garşy terror söweşiniň başladylandygyny beýan eden Tokaýew, terrorçylara garşy operasiýanyň iň agyr böleginiň ýeňilip geçilendigini we şertleriň kadalaşandygyny aýtdy.

Tokaýew ýurtdaky ýadaýlar sebäpli agzasy bolan KHYG-dan harby kömek talap edendiklerini ýatladyp; “Gazagystan kanuny taýdan guramanyň ýaranlaryndan parahatçylyk güýjüni ugratmagy talap etdi. Şol karara gelenimizde Almatydaky gözegçilik doly elden gidýärdi. Almatyny elden gideren bolsadyk, paýtagty we soň hem bütin ýurdy elden gidererdik” diýdi.

KHYG-nyň Parahatçylyk güýji 2 gün son tapagyrlaýyn häsýetde Gazagystandan çekilmäge başlar we ol 10 günüň dowamynda tamamlanar” diýdi.

Guramanyň Kollektiw howpsuzlyk geňeşiniň kararyna laýyklykda Gazagystana 2,300 esger we 250 ulagdyr enjam ornaşdyrylypdy.

 



Degişli Habarlar