Ermenistanyň Hüjümi Sebäpli Azerbaýjanly 1 Esger Şehit Boldy
Kelbejerde ermeni esgerleri Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açdy.
1760937
Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde ermeni esgerleriniň Kelbejerde azerbaýjanly esgerlere ot açandygy sebäpli azerbaýjanly 1 esger şehit boldy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Kelbejerde ermeni esgerleri Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açdy.
Günorta wagty guralan hüjümde azerbaýjanly esger Aýaz Nezewow şehit boldy.
Azerbaýjanyň harby goşunynyň hüjüme degişli gaýtawuly bermeginden soň Ermenistan hüjümlerini bes etdi.
Beýannamada, dartgynlykdan Ermenistanyň harby we syýasy ýolbaşçylarynyň jogapkärdigi bellenildi.
Degişli Habarlar
Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.