Gazagystandaky hadysalarda göz tussaglygyna alynanlaryň sany 7 müň 939 adama ýetdi

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ýurtda dowam edýän operasiýalarda göz tussaglygyna alynan adamlar bilen baglanşykly maglumat berildi

1759853
Gazagystandaky hadysalarda göz tussaglygyna alynanlaryň sany 7 müň 939 adama ýetdi

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, 10-njy ýanwara çenli polisiýa işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alynanlaryň sany 7 müň 939 adama ýetdi. 

Almaty şäherindäki bazarda 207 adamyň göz tussaglygyna alynandygy habar berilen beýanatda, ady agzalan operasiýada 5 sany ogurlyk ulag we kompýuter, aýdym-saz gurallary bilen birlikde ýaraglaryň ele salynandygy mälim edildi. 

Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk komitedi hem, Almaty şäherindäki wakalara gatnaşan 2 aýry toparyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýan etdi. Ady agzalan toparlaryň 4-8-nji ýanwar aralygynda şäherdäki döwlet düzgün-tertibi bozmak bilen baglanşykly hadysalara gatnaşandyklary we olaryň galýan ýerlerinde ýaraglaryň we dini kitaplaryň tapylandygy beýan edildi. 

Almaty şäherindäki hadysalara gatnaşandygy öňe sürülip göz tussaglygyna alynan Gyrgyzystanyň meşhur sazandasy Wikram Ruzahunow bolsa azat edildi.

Mediada berilen habarlarda Wikran Ruzahunowyň pul üçin protestlere gatnaşmak maksady bilen Gazagystana gidendigi öňe sürülipdi we Almaty şäherinde göz tussaglygyna alynypdy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Azizbek Madmarow, Gazagystanyň Bişkek şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rapil Joşybaýewi ministrlige çagyryp, sazanda Wikram Ruzahunowyň iň gysga wagtda azat edilmegi üçin nota beripdi. 

 

Gazagystanda 2-nji ýanwarda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlandyrylmagy we ýurtdaky durmuş-ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşandygy sebäpli protest aksiýalar başlapdy. 

Howpsuzlyk güýçleri bilen demonstrantlaryň arasynda çaknyşyklar başdan geçirilipdi. 

Esasan hem ýurdyň günortasyndaky Almaty şäherinde polisiýa gullugyna degişli ulaglary ýakan we döwlet binalaryna giren protestçilere howpsuzlyk güýçleri garşylyk görkezdi. 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, protestleriň başlamagynda jogapkär hökmünde garalan hökümediň iş başyndan çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi. 

Protestleriň ýaýbaňlanmagy sebäpli ýurdyň ähli ýerinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Protestçileriň döwlet binalaryny ele salmaklary we ýarag ulanmaklary sebäpli ýurdyň hökümedi howpsuzlyk güýçlerine operasiýa geçirmek barada görkezme berdi. 

Tokaýew 7-nji ýanwarda ýurdyň ähli ýerinde konstitutsion düzgüniň ýaňadandan ýola goýulandygyny belläp: "Terrorçylar häzirki wagtda hem ýarag ulanmaga we raýatlaryň emläklerine zyýan ýetirmäge dowam edýär" diýip habar beripdi. 



Degişli Habarlar