Gazagystanda protestlerden soň göz tussaglygyna alynan adamlaryň sany artdy

Gazagystanyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, ýurtda geçirilýän operasiýalarda göz tussaglygyna alynan adamlar bilen bagly maglumat berildi

1759523
Gazagystanda protestlerden soň göz tussaglygyna alynan adamlaryň sany artdy

Gazagystanda suwuklandyrylan gazyň bahalarynyň gymmatladylmagyndan soň başdan geçirilen wakalardan soň, aralarynda daşary ýurtlaryň raýatlarynyň hem bolan 5 müň 135 adam göz tussaglygyna alyndy. 

Gazagystanyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, ýurtda geçirilýän operasiýalarda göz tussaglygyna alynan adamlar bilen bagly maglumat berildi. 

Ýurt derejesinde göz tussaglygyna alynanlaryň sanynyň 5 müň 135 adama ýetendigi habar berilen beýanatda, protestleriň başdan geçirilen günlerinde döwlet düzgün-tertibi we ýurdyň konstitusion düzgünini goran mahaly ýaralanan howpsuzlyk güýçleriniň sanynyň 1 müň 300-den gowrakdygy habar berildi. 

Beýanatda 300 adamyň ýanlarynda ýaraglar we ykjam telefonlar başda bolmak bilen ogurlanan zatlar we köp mukdarda pul bilen ulaglary bilen ýa-da pyýadalap ýurdy terk etmek üçin serhedi geçmäge synanyşan mahallary göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

Beýanatda: "Häzirki wagtda ýurtda jemgyýetçilik tertibi we düzgüni üpjün etmek üçin terrora garşy operasiýalar dowam edýär. Şu gün ýurdyň ähli sebitlerinde ýagdaý kadalaşdy. Ozal ele salynan ähli ýerli dolanşyk binalary azat edildi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar