Ermenistan, Serhetde Azerbaýjana Degişli Pozisiýalara Ot Açdy

13.50-de Basargeçer welaýatynyň Ýokarky Şorja obasyndaky ermeni bazasyndan ot açyldy

1759374
Ermenistan, Serhetde Azerbaýjana Degişli Pozisiýalara Ot Açdy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň harby güýçleriniň serhetde Azerbaýjana degişli pozisiýalara ot açandygyny habar berdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, Kelbejer welaýatyndaky pozisiýalara ýerli wagt bilen 13.50-de Basargeçer welaýatynyň Ýokarky Şorja obasyndaky ermeni bazasyndan ot açylandygy nygtaldy.

Beýannamada, Azerbaýjanyň harby goşunynyň degişli jogaby bermeginden soň ot açyşlygyň bes edilendigi nygtaldy.

Beýannamada wakada adam pidasynyň çekilmändigi bellenildi.



Degişli Habarlar