Türk Döwletleri Guramasy: "Gazagystana goldaw bermäge taýardyrys"

Türk Döwletleri Guramasy Gazagystanda başdan geçirilen hadysalar bilen baglanşykly jebislik beýanyny berdi

1758279
Türk Döwletleri Guramasy: "Gazagystana goldaw bermäge taýardyrys"

Türk Döwletleri Guramasy tarapyndan berilen beýanatda: "Türk Döwletleri Guramasyna agza ýurtlar hökmünde Gazagystanda başdan geçirilen soňky hadyslaryň çäginde Gazagystanyň parahatçylygyna we asudalygyna berýän ähmiýedimizi belläp geçýäris we agza ýurtlar hökmünde Gazagystan bilen güýçli raýdaşlyk içindedigimizi beýan edýäris" diýip habar berildi. 

Gazak halkynyň sagdynpikirlilik we kadaly ýagdaýa gaýdyp gelmek baradaky arzuwlaryna ynanýandyklaryny aýdan agza ýurtlar: "Gazagystanyň resmileriniň parahatçylykly ýagdaýda dartgynlygyň ortadan aýrylmagy, düzgüniň we durnuklylygyň ýaňadandan ýola goýulmagy baradaky başarnyga eýedigine ynanýarys. Gazagystanyň hökümetin we halkyna gerek bolan halatynda goldaw bermäge taýardygymyzy beýan edýäris" diýip mälim edildi. 

Beýanatda mundan başgada wakada ýogalan adamlar üçin gynanç bildirildi, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklary dilendi. 

Gazagystan Türk Döwletleri Guramasynyň Azerbaýjan, Türkiýe, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen birlikde 5 agzasynyň biridir. 

Guramanyň synçy agzalarynyň arasynda bolsa Türkmenistan we Wengriýa döwletleri bar. 

Türk Geňeşi ady bilen 2009-njy ýylda döredilen gurama, häzirki adyny bolsa 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýede geçirilen sammitde aldy. 



Degişli Habarlar