Azerbaýjan göz tussaglygyndaky 5 ermeni esgeri Ermenistana gaýtaryp berdi
Azerbaýjan soňky 2 aýda 21 ermeni esgeri Ermenistana gaýtaryp berdi
Azerbaýjanyň Ýesir, dereksiz ýiten we zamun alynan raýatlardan jogapkär Döwlet komitedi, 5 ermeni esgeriň ýurtlaryna gaýtarylyp ugradylandygyny habar berdi.
Komitet tarapyndan berilen beýanatda, 5 ermeni esgeriň Azerbaýjanyň gumanizm ýörelgelerine baglylygynyň görkezijisi hökmünde yzyna gaýtarylyp berilendigi mälim edildi.
Beýanatda yzyna gaýtarylyp berilmek tapgyrynyň Wengriýanyň araçylyk etmeginde amala aşyrylandygy aýan edildi.
Yzyna ugradylan 5 ermeni esgeriň 16-njy noýabrda iki ýurdyň arasyndaky Kelbejer ugrunda öjükdirji hereketler edendikleri sebäpli göz tussaglygyny alynandyklary beýan edildi.
Azerbaýjan soňky 2 aýda 21 ermeni esgeri Ermenistana gaýtaryp berdi.
Degişli Habarlar
Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.