Gyrgyzystan, Türkiýeden Alan Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Kabul Edip Aldy

Prezident Sadyr Japarow, Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglary hakynda ýolbaşçylardan maglumat aldy.

1749589
Gyrgyzystan, Türkiýeden Alan Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Kabul Edip Aldy

Gyrgyzystan, Türkiýeden satyn alan Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglaryny kabul edip aldy.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Prezident Sadyr Japarow, Gyrgyzystanyň Milli howpsyzlyk gullugy üçin alynan Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglary hakynda ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Prezident Japarowa, Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglarynyň işleýşi hakynda doly maglumat berildi.

Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglarynyň, ýurduň serhetleriniň howpsyzlygynyň goralmagy maksady bilen ulanyljakdygy nygtaldy.



Degişli Habarlar