DKTR-nyň Ilkinji Ýerli Ulagy Londonda Tanyşdyryldy

GÜNSEL-iň ilkinji modeli B9, Londonda geçirlen Elektrik togy bilen işleýän ulaglar sergisine gatnaşdy.

1748281
DKTR-nyň Ilkinji Ýerli Ulagy Londonda Tanyşdyryldy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Ýakyn Gündogar uniwersiteti tarapyndan taýarlanan we öndürlen ilkinji ýerli ulagy GÜNSEL, Britaniýanyň paýtagty Londonda tanyşdyryldy.

DKTR-da öndürlen we dolulygyna elektrik togy bilen işleýän GÜNSEL-iň ilkinji modeli B9, Londonda geçirlen Elektrik togy bilen işleýän ulaglar sergisine gatnaşdy.

Ýakyn Gündogar uniwersitetiniň dolanşyk geňeşiniň başlygy Prof. Dok. Irfan Suat Günsel, GÜNSEL-iň, DKTR, Türkiýe we türk dünýäsi üçin täze mümkinçilikler hödürlejekdigini aýtdy.

Irfan Suat Günsel, “GÜNSEL, DKTR-nyň, Türkiýe Respublikasynyň we türk dünýäsiniň ulagy” diýip belledi.


Etiketkalar: #GÜNSEL , #ulag , #ýerli , #DKTR

Degişli Habarlar