Şuşada, Ermenistanyň Goýan Minasynyň Ýarylmagy Sebäpli 2 Işçi Ýogaldy

II Garabag ýenişinden soň, Ermenistanyň basyp alyşlyk ýyllarynda goýan minasynyň ýarylmagy sebäpli 7-si esger 36 adam ýogaldy

1745291
Şuşada, Ermenistanyň Goýan Minasynyň Ýarylmagy Sebäpli 2 Işçi Ýogaldy

Azerbaýjanyň Şuşa welaýatynda, Ermenistanyň basyp alyşlyk ýyllarynda goýan minasynyň ýarylmagy sebäpli 2 işçi ýogaldy.

Azerbaýjan tarapyndan mesele hakynda berlen beýannamada, Şuşa welaýatynyň ermeni basyp alyşlygyndan halas edilmeginden soň sebitde gurluşyk işlerini geçirýän firmanyň işçileri Orhan Hanatow bilen Wüsal Bendeliýewiň Ermenistanyň basyp alyşlyk ýyllarynda goýan minasynyň ýarylmagy sebäpli ýogalandygy nygtaldy.

2020-njy ýylyň 10-njy noýabrynda gazanylan II Garabag ýenişinden soň, Ermenistanyň basyp alyşlyk ýyllarynda goýan minasynyň ýarylmagy sebäpli 7-si esger 36 adam ýogaldy, 109-y esger 153 adam hem ýaralandy.

Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde hem Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň ot açandygy sebäpli Azerbaýjanly 1 esger şehit boldy.



Degişli Habarlar