Azerbaýjanly Şehitler Soňky Ýoluna Ugradyldy

Dikuçar heläkçiliginiň şehitleri II Şehitler ýadigärliginde jaýlandy.

1741502
Azerbaýjanly Şehitler Soňky Ýoluna Ugradyldy

Azerbaýjanda harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli şehit bolan 14 esger üçin harby çäre geçirildi.

Paýtagt Bakudaky Serhatçi sport merkezinde geçirlen çärä harby ýolbaşçylar, şehitleriň hossarlary we uly halk köpçüligi gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy goşun generaly Guliýew çärede eden çykyşynda, şehit esgerleriň II Garabag urşunda hem söweşendiklerini, egindeşleriniň ýogalmagyna uly gynanç bildirýändiklerini aýtdy.

Guliýew, şehitleriň hossarlaryna gynanç dildirdi we gahryman egindeşlerini asla ýatdan çykarmajakdyklaryny belledi.

Dikuçar heläkçiliginiň şehitleri II Şehitler ýadigärliginde jaýlandy.

Azerbaýjanyň döwlet serhet gullugyna degişli Mi-17 kysymly dikuçar düýn Hyzy etrabynda ýerleşýän harby tälim meýdançasyna gonmaga taýarlanýarka heläkçilige uçrapdy. Dikuçar heläkçiliginde 14 esger şehit bolupdy, 2 esger ýaralanypdy.



Degişli Habarlar