Türkiýe Azerbaýjana gynanç bildirdi

Türkiýe Azerbaýjanyň Karahebeýt howa tälim bazasynda ýere gaçan harby dikuçarda şehit bolan adamlar zerarly gynanç bildirdi

1740875
Türkiýe Azerbaýjana gynanç bildirdi

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Azerbaýjanyň Hyzy raýonynda ýerleşýän Karahebeýt poligonynda tälim uçuşyny amala aşyran bir harby dikuçaryň ýere gaçandygy, wakada şehit bolan we ýaralanan adamlaryň bardygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy aýan edildi. 

Beýanatda şehit bolan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa gyssagly şypa dilendi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Doganlyk Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugyna degişli dikuçaryň ýere gaçandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Bu gussaly wakada ýogalan şehitlerimize Alladan rehnet, ýaralan adamlarymyza bolsa gyssagly şypa dileýäris, ähli Azerbaýjanly doganlarymyza gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi. 

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugyna degişli harby dikuçaryň ýerli wagt bilen sagat 10:40-da Hyzy raýonyndaky Karahebeýt howa tälim bazasynda heläkçilige uçrandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar