Azerbaýjanda harby dikuçar heläkçilige uçrady

Beýanatda dikuçaryň ekipažyndan ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy aýan edildi

1740781
Azerbaýjanda harby dikuçar heläkçilige uçrady

Azerbaýjanda Döwlet serhet gullugyna degişli harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi. 

Döwlet serhet gullugyndan berilen beýanatda, wakanyň ýerli wagt bilen sagat 10:40-da ýurduň Hyzy sebitindäki Karahebeýt howa tälim bazasynda başdan geçirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda dikuçaryň ekipažyndan ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy aýan edildi. 

Resmileriň wakanyň bolan ýerine gidendikleri we dikuçar heläkçiligi bilen bagly derňew işiniň başladylandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #dikuçar , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar