Türkiýe, Gyrgyzystandaky Saýlawlaryň Asuda we Üstünlikli Ýagdaýda Geçirilmegine Hoşallyk Bildirdi
" Parlament saýlawlarynyň netijesiniň dost we doganlyk Gyrgyzystan üçin düşümli bolmagyny dileýäris”
1739952
Türkiýe, Gyrgyzystanda parlament saýlawlarynyň asuda we üstünlikli ýagdaýda geçirilmegine hoşallyk bildirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Gyrgyz Respublikasynda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda parlament saýlawlarynyň asuda we üstünlikli ýagdaýda geçirilmegine hoşallyk bildirýäris. Gyrgyzystanyň durnuklylygyna we asudalygyna uly ähmiýet berýäris. Parlament saýlawlarynyň netijesiniň dost we doganlyk Gyrgyzystan üçin düşümli bolmagyny dileýäris” diýildi.
Degişli Habarlar
Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy