“Türkiýäniň Hemaýatkärliginden Ýüz Öwürmegimiz Mümkin Däl”

Ersin Tatar, Kipr türk halkynyň, Türkiýäniň hemaýatkärliginden ýüz öwürmeginiň mümkin däldigini nygtady.

1736709
“Türkiýäniň Hemaýatkärliginden Ýüz Öwürmegimiz Mümkin Däl”

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Kipr türk halkynyň, Türkiýäniň hemaýatkärliginden ýüz öwürmeginiň mümkin däldigini nygtady.

Tatar mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda “Türkiýe asla hemaýatkärlikden ýüz öwürmek islemedi” diýdi we Türkiýäni ylalaşyksyz tutumy alyp barmakda günäkärlän Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasidisiň garaýyşlarynyň hakykaty beýan etmeýändigini belledi.

Ersin Tatar, Kipr Respublikasynyň 1959-njy ýylda gurulmagynyň yzy ýanyndan, Kipriň grek bölegi bilen Gresiýanyň 1960-njy ýyldan bäri Hemaýatkärlik şertnamasyny üýtgetmek we Enosise garşy howp hökmünde görýändigi üçin Türkiýäniň hemaýatkärliginiň bes edilmegi üçin Respublikanyň ilkinji günlerinden bäri tagalla edýändigini nygtady.

DKTR-nyň Prezidenti Tatar, “Kipr türk halky, Türkiýäniň hemaýatkärliginiň bes edilmegine, türk halkynyň Kiprden çetleşdirilmegine we 1974-nji ýyldan olzalky ýagdaýa dolanylmagyna garşy. Kipriň grek bölegi we Gresiýa Türkiýäniň hemaýatkärliginiň bes edilmejekdigini bilmeli we boş arzuw-hyýallaryndan ýüz öwürmeli” diýdi.

Ersin Tatar, “Kipriň grek böleginiň lideri Anastasiadise Kiprde adalatly we durnuklylygyň ýola goýulmagy we 1974-nji ýylda üpjün edilen parahatçylygyň dowam etmegi üçin gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy hakyndaky çagyrymyza oňyn jogap bermegi maslahat berýärin”diýip belledi.



Degişli Habarlar