Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri DKTR-ly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, DKTR bilen amala aşyryljak taslamalar bilen ada ilkinji tapgyrda suwuklandyrylan gazyň ugradyljakdygyny habar berdi

1736781
Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri DKTR-ly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Antalýada geçirilen XI Türkiýe Energetika sammitinda DKTR-nyň Ykdysadyýet we Energetika ministri Sunat Atun bilen duşuşyk geçirdi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, dünýä ýurtlarynyň daşky gurşawa has peýdaly, has az ýangyç ulanýan energetika ulgamlaryna ugrukýandyklaryny, şol sebäpli şol ugur boýunça DKTR-na goldaw berjekdiklerini belläp: "Ilkinji tapgyrda ol ýerdäki mazut desgalarynyň tebigy gaza öwrülmegi bilen bagly meseläni gözden geçirdik. Nesip bolsa DKTR bilen amala aşyryljak taslamalar bilen ada ilkinji tapgyrda suwuklandyrylan gaz ugradylar" diýip habar berdi. 

Fatih Dönmez, DKTR-da elektrik tok bilen işlejek ulag taslamasyna ýakyndan gözegçilik edýändiklerini nygtap: "Elektrik tokda işlejek ulaglaryň ulgama goşulmagy bilen elektrik tok zerurlygy hem artar. Düýn bolşy ýaly, şu gün, nesip bolsa ertirki gün hem DKTR-daky kowumdaşlarymyzyň ýanynda bolmaga dowam ederis" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar