Bişkek Howasynyň Hapalygy Boýunça Täze Deliden Öňe Geçdi

Ikinji orunda bolsa Täze Deli durýar.

1731179
Bişkek Howasynyň Hapalygy Boýunça Täze Deliden Öňe Geçdi

Gyrgyzstanyň paýtagty Bişkek howasy hapa şäherleriň sanawynda Hindistanyň paýtagty Täze Deliden hem öňe geçip, birinji orunda durýar.

Bişkekde howanyň, Dünýäniň howasynyň hili taslamasynyň çäginde geçirilen ölçegleriň geçirilen beýleki ýerlerine görä has hapadygy kesgitlendi.

Hindistanyň Täze Deli şaheri howanyň hapalygy boýunça ikinji orna düşen bolsa, üçünji orunda Pakistanyň Lahor şäheri durýar.

Hindistanyň Kalkutta şäheri dördünji, Pakistanyň Karaçi şäheri bolsa bäşinji orny eýeleýär.

Gyrgyz ekologlary gyş aýlarynda Bişkekde howanyň hapalanmagyyň ve tüssäniň esasy sebäpleriniň ýerli owaklardan, paýtagtyň ýerli kömür bilen işleýän termiki beketlerinden ve awtoulaglaryň zyňylymlaryndan gelip çykýandygyny beýan edýärler.



Degişli Habarlar