Mustafa Şentop, Garabag Ýeňişinin Birinji Ýyly Bilen Gutlady

“Dost we doganlyk ýurt Azerbaýjanyň halkyny türk halkynyň adyndan we öz adymdan mähirli gutlaýaryn"

1730612
Mustafa Şentop, Garabag Ýeňişinin Birinji Ýyly Bilen Gutlady

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Garabag ýeňişinin birinji ýyly bilen gutlady.

Şentop, Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa, 8-nji noýabr Azerbaýjanyň Watan söweşinde ýeňiş gazanan güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Mustafa Şentop ýüzlenmesinde “Dost we doganlyk ýurt Azerbaýjanyň halkyny türk halkynyň adyndan we öz adymdan mähirli gutlaýaryn. Bu şanly günde “iki döwlet bir millet” hökmünde Azerbaýjanyň gazanan ýeňişiniň buýsanjyny we şatlygyny paýlaşýarys” diýdi.

Azerbaýjanyň, Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylyk etmeginde 44 günde taryh ýazandygyny we 30 ýyl dowam eden basyp alyşlygy ortadan aýyrandygyny ýatladan Şentop, “2020-nyy ýylyň 8-nji noýabrynda hemmämiz üçin uly ähmiýete eýe bolan Şuşa azat edildi. Azerbaýjan frontadaky ýeňişini 2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda gol çekişilen üçtaraplaýyn jarnama bilen bütin dünýä yglan etdi” diýdi.

Watanlary ugruna şehit bolan eziz gahrymanlary uly hormat bilen hatyralan Şentop “Dost we doganlyk ýurt Azerbaýjanyň halkyna, size we Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň agzalaryna saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar