Baýramow Lawrow Bilen Telefon Arkalı Söhbetdeşlik Geçirdi

Azerbaýjanıň Daşarı işler ministri Jeýhun Baýramow Russiýanıň Daşarı işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkalı söhbetdeşlik geçirdi

1728681
Baýramow Lawrow Bilen Telefon Arkalı Söhbetdeşlik Geçirdi

Azerbaýjanıň Daşarı işler ministrliginden berilen beýannama görä Baýramow we Lawrow 2-nji Garabag söweşinden soň 2020-nji ýılıň 10-njı noýabrında Azerbaýjanıň, Ermenistanıň we Russiýanıň arasında gol çekişilen üçtaraplaýın jarnamanıň iş ýüzüne geçirilişi hakında pikir alışdılar.

Günorta Kawkazda gatnawıň gaýtadan ýola goýulmagı boýunça ministrler kabinetiniň orunbasarları derejesindäki üçtaraplaýın işjeň toparıň işlerini ara alıp maslahatlaşan ministrler 3+3 formatındakı (Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa we Türkiýe, Russiýa, Eýran) hızmatdaşlık platformasınıň iş ýüzüne geçirilmeginiň möhümdigini nıgtadılar.

Baýramow we Lawrow Azerbaýjan bilen Russiýanıň arasındakı gatnaşıklar hakında-da pikir alışdılar.



Degişli Habarlar