Ilham Aliýew Prezident Erdogana Respublika baýramy mynasybetli gutlag hatyny ugratdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli Prezident Rejep Taýýip Erdogana gutlag hatyny ugratdy

1726331
Ilham Aliýew Prezident Erdogana Respublika baýramy mynasybetli gutlag hatyny ugratdy

Gutlag hatynda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylan güni mynasybetli Erdogany we türk halkyny hem öz adyndan hem-de Azerbaýjanyň halkynyň adyndan gutlan Ilham Aliýew, syýasy, ykdysady, harby taýdan güýçli we durnukly bolan Türkiýäniň halkara arenada aýratyn bir oruna eýedigini beýan etdi. 

Ilham Aliýew, Erdoganyň liderliginde durmuşa geçirilen giň-gerimli programmalaryň we taslamalaryň Türkiýäniň ählitaraplaýyn ösüşine we galkynyşyna hyzmat edýändigini belläp, türk halkynyň Erdogana bolan ynamynyň, strategik ösüş ýolundaky üstünlige ýetmegindäki iň uly faktordygyny aýan etdi. 

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň iki halkyň umumy taryh, milli we ruhy gymmatlyklar ýaly berk esaslaryň üstüne oturdylandygyny aýdan Ilham Aliýew: "Häzirki wagtda şol gatnaşyklaryň taryhy öwrülişik nokadyna şaýat bolýarys. Şuşa beýannamasynda bellenen maksatlaryň we meýilnamalaryň çäginde, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz günsaýyn ýaýbaňlanýar we täze mazmunlara eýe bolýar. Azerbaýjanyň öz topraklary ugrunda alyp baran göreşinde hut siziň, doganlyk Türk döwletiniň we halkynyň tutanýerli syýasy we ruhy goldawy uly rol oýnady. Azerbaýjan bilen Türkiýäniň jebisligini ýene-de bir gezek bütin dünýä görkezen bu goldawy halkymyz asla ýatdan çykarmaz. Bir millet, iki döwlet ýörelgesiniň çäginde birligimizi, ähli ugurlar boýunça täsirli we aktiw hyzmatdaşlygymyzy has hem güýçlendirmek we özgertmek üçin umumy tagallalarymyzy dowam etdirjekdigimize doly ynanýaryn" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar