Türkiýäniň Lukmançylyk Kömegi Özbegistana Bardy

200 müň doza “Sinovac” sanjymy bilen 20 müň sany “Faripirawir” dermany Daşkent şäherine ýetirildi.

1718947
Türkiýäniň Lukmançylyk Kömegi Özbegistana Bardy

Türkiýäniň Özbegistanyň koronawirusa garşy göreşine goldaw üçin ugradan 200 müň doza “Sinovac” sanjymy bilen 20  müň sany “Faripirawir” dermany Daşkent şäherine ýetirildi.

Türk howaýollarynyň tarifli uçary bilen Stambuldan Daşkende ugradyla sanjymlaryň gowşurylmagyna Saglygy goraýyş ministriniň 1-nji orunbasary Amrullaž Inaýatow, Epidemiologiki abadançylyk we Halk saglygy guramasynyň başlygynyň Orunbasary Batyr Kurbanow bilen Türkiýäniň Özbegistandaky Ilçisi Olgan Bekar bilen beýleki resmiler gatnaşdylar.

Ilçi Bekar we Ilçihananyň işgärleri tarapyndan garşy alynan uçardan düşürilen 200 müň doza “Sinovac” sanjymy bilen 20 müň sany “Faripirawir” dermany Özbegistanyň Saglygy goraýyş minstrliginiň resmilerine gowşuryldy.

Ministriň orunbasary Kurbanow ol ýerde sözlän sözünde Türkiýe tarapyndan ugradylan 200 müň doza Kowid-19 sanjymy bilen 20 müň dermanyň pandemiýa garşy göreşe möhüm goşant goşjakdygyny beýan edip, bu kömek üçin türk halkyna we hökümetine sagbolsun aýtdy.

Ilçi Bekar bolsa bolsa, bu kömegiň iki halkyň arasyndaky özara arkalaşygynyň alamaty hökmünde ugradylandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar