Tatar: "Ýapyk Maraş sebitine 230 müňden gowrak adam baryp gördi"

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda açylyşy amala aşyrylan Ýapyk Maraş sebitine 230 müňden gowrak adamyň baryp görendigini habar berdi

1714130
Tatar: "Ýapyk Maraş sebitine 230 müňden gowrak adam baryp gördi"

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar, Maraşyň 1974-nji ýyldan bäri ýapykdygyny ýatladyp, sebitiň dolulygyna Türk gaznalaryna degişlidigini beýan etdi. 

DKTR-nyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän Maraşyň gapylarynyň açylandygyny aýdan Ersin Tatar: "Gozgalmaýan emläk komissiýasy atly edaramyz bar. Kimiň emlägi bar bolsa ýüz tutulyp, yzyna gaýtarylyp berilmegini isleýäris. Tapgyr häzirki wagtda dolulygyna işleýär.  Maraş sebitine 230 müňden gowrak adam baryp gördi. Bu görkeziji bolsa pandemiýa garamazdan boldy. Pandemiýa bolmadyk bolsady şol san 1 milliona ýeterdi. Sanjym we görjek çärelerimiz bilen, açyp, gysga wagtda syýahatçylyk we talyplar bilen birlikde ozalky sepgide ýeten mahalymyz, ine şol wagt Maraşa gelip-gidýän adamlaryň sany artar, Maraşa bolan gyzyklanma has hem artar. Ol owadan plažlar we ol ýerdäki sosial desgalar, seýilgähler açylar. Halkara hukugyň çäginde ýuwaş-ýuwaş ýaşaýyş üçin hem açylar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar