Yrakdaky türkmenler Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny ret etdiler

Yrakdaky türkmenler, Yragyň Erbil şäherinde käbir taýpalaryň wekilleriniň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen bagly maslahat geçirmeklerine nägilelik bildirdiler

1710535
Yrakdaky türkmenler Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny ret etdiler

Yragyň Türkmen fronty tarapyndan berilen beýanatda, Erbil şäherinde käbir taýpalaryň wekilleriniň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny öz düzüminde jemleýän maslahat geçirmeklerini çürt-kesik ret edýändikleri habar berildi. 

Edilen ädimiň howpludygy bellenen beýanatda, ady agzalan maslahata gatnaşanlaryň Yraklylaryň ählisiniň pikirini öz düzüminde jemlemeýändigi aýan edildi. 

Beýanatda maslahat bilen bagly Yragyň hökümetiniň pozisiýasynyň goldanýandygy bellendi we şol ädimi edenler bilen bagly kazyýet işiniň gozgalmagy islendi. 

Erbilde birnäçe gün ozal taýpalaryň agzalary bolandyklaryny öňe süren bir topar, Yragyň hem beýleki käbir arap ýurtlary ýaly Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny isläpdi. 

Ysraýyl bilen BAE-niň we Bahreýniň arasynda 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ABŞ-da gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy bilen bagly ylalaşyk baglaşlypdy. 

Resmi Hartum hem ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň Sudany "terrora goldaw berýän ýurtlaryň" sanawyndan çykarmagy bilen 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ysraýyl bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada karar kabul edipdi. 

Sudandan soň Marokko hem 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Ysraýyl bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada karar kabul edipdi. 



Degişli Habarlar