Prezidentiň Orunbasary Oktaý Gyrgyzstana Gider

Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe-Gyrgyzstan Bilelikdäki ykdysady toparyň maslahatyna gatnaşmak üçin ertir Gyrgyzstana gider.

1704748
Prezidentiň Orunbasary Oktaý Gyrgyzstana Gider

Oktaýyň sentýabr aýynyn 9-11-i aralygyndaky saparynda Türkiýe-Gyrgyzstan Türkiýe-Gyrgyzstan Bilelikdäki ykdysady toparyň 10-njy maslahatyndan ozal türk firmalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna we ikiçäk duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Maslahatyň çäginde Gyrgyzstanyň Ministrler kabinetiniň Başlygy we Türkiýe-Gyrgyzstan Bilelikdäki ykdysady toparyň gyrgyz tarapynyň ýolbaşçysy Ulukbek Maripow bilen ikiçäk duşuşjak Oktaý, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hasam ösdürmegine garaşylýan söwda, senagat, akkreditasiýa, energetika, ulaglar, oba we tokaý hojalygy, syýahatçylyk pudaklary boýunça gol çekişiljek teswirnamalardan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirer.

Fuat Oktaý soň bolsa Gyrgyzstanda gurluşygy tamamlanan Magaryf Bilim Kompleksini açar.

Oktaý, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçirjek duşuşygyndan son hormatyna beriljek agşam naharyna gatnaşar.

 



Degişli Habarlar