Ersin Tatar Kipriň Grek Bölegini Ýazgardy

Grek bölegi okuw kitabynyň Atatürk bilen bagly bölüminiň ýyrtylmagy üçin görkezme beripdi

1704739
Ersin Tatar Kipriň Grek Bölegini Ýazgardy

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Kipriň grek böleginde mugallymlara ugradylan “kitabyň Atatürk sahypasyny ýyrtyň” görkezmesine reaksiýa bildirdi.

Tatar Türkiýä saparyndan son Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Erjan adyndaky howa menzilinde grek böleginin Bilim ministrliginiň orta mekdepleriň mugallymlaryndan “Oxford Discower Futures 3 Workbook” atly kitaby okuwçylara paýlamazdan ozal Gahryman Mustafa Kemal Atatürk bilen bagly bölümi “ýyrtmaklary” hakynda görkezmäni öz içine alýan buýruk ugratmagyna reaksiýa bildirdi.

Prezident Tatar: “Beýik Öňbaşçy M.K.Atatürkiň nähili liderdigini diskussiýa etmegiň manysy ýok. Sebäbi bütin dünýä M.K.Atatürkiň nähili beýik lider we serkerdedigini, Türkiýäniň esaslandyryjysydygyny ykrar edýär. Grek tarapyndaky kitaplardan birinden Atatürkiň suratyny aýyryp, ýerine başga bir zat goýmagyň manysy ýok, olary bu sebäpli ýazgarýaryn” diýdi.

Kipriň grek dolanygynyň Bilim ministrligi orta mekdepleriň mugallymlaryna “Oxford Discower Futures 3 Workbook” atly kitaby okuwçylara paýlamazdan ozal Gahryman Mustafa Kemal Atatürk bilen bagly 36-njy sahypany “ýyrtmaklary” hakynda görkezme berdi.



Degişli Habarlar