Türkiýe Bilen Azerbaýjan Bilelikde Harby Türgenleşik Geçirýär

Türgenleşik 12-nji sentýabra çenli dowam eder.

1703836
Türkiýe Bilen Azerbaýjan Bilelikde Harby Türgenleşik Geçirýär

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň suwasty hüjüm komandalary paýtagt Bakuda geçirlen bilelikdäki harby türgenleşikde hyýaly duşmanyň nyşanalaryny hatardan çykardy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, bilelikdäki türgenleşikde komandalaryň hyýaly duşmanyň nyşanalaryny we terror guramalaryny täsirsiz ýagdaýa getirilmegi we wagtlaýyn bazalaryň hatardan çykarylmagy ýaly wezipeleri ýerine ýetirendigi nygtaldy.

Harby gämileriň gatnaşmagynda geçirilýän türgenleşiklerde komandalaryň ähli wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirendigi bellenildi.

Türgenleşik 12-nji sentýabra çenli dowam eder.



Degişli Habarlar