Prezident Erdogan Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Özbegistany Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

1700618
Prezident Erdogan Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Erdogan, Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli sosial media hasabyndan gutlag ýüzlenmesini çap etdi. 

Prezident Erdogan: "Geçmişden şu günki güne çenli uzap gelýän gadymy we berk doganlyk gatnaşyklarymyz bolan dostlukly Özbegistan döwletini Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Özümiň we milletimiň adyndan özbek halkyna salamymy we hormatlarymy ýollaýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar