Gazagystanda baýdaklar ýarsyna çenli aşak düşürildi

Gazagystanda harby ammardaky partlamada harby işgärlerden we halas ediş toparyndan 13 adamyň şehit bolmagy sebäpli yglan edilen Milli ýasyň çäginde ýurtdaky ähli baýdaklar ýarsyna çenli aşak düşürildi

1699177
Gazagystanda baýdaklar ýarsyna çenli aşak düşürildi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew tarapyndan düýn kabul edilen karar bilen, şu gün ýurt derejesinde Milli ýas yglan edildi. 

Şol çäkde Prezidentiň Akorda köşgi başda bolmak bilen ähli döwlet guramadyr-edaralarynda we daşary ýurt wekilhanalarda baýdaklar ýarsyna çenli aşak düşürildi. 

Telewideniýe kanallarynda we radio ýaýlymlarynda şüweleňli gepleşikler ýatyryldy. Resmi döwlet saýtlary bilen birlikde ähli habarlar gulluklarynyň esasy sahypalary ak we gara reňklere bürendi. 

Gazagystanda yglan edilen Milli ýas sebäpli Türkiýäniň Nur-Soltan şäherindäki ilçihanasy hem "Doganlyk gazak halky bilen raýdaşlygyň çäginde ilçihanamyzadaky baýdaklar ýarsyna çenli aşak düşürildi" diýip aýan edildi. 

26-njy awgustda ýerli wagt bilen sagat 19:00-da ýurdyň günortasyndaky Jambul welaýatynyň Bazakow etrabyndaky harby birikmäniň ok-däri ammarynda ýüze çykan ýangyn, partlama sebäp boldy. 

Resmi çeşmelere görä harby ok-däri ammarynda yzly-yzyna bolan partlamalarda harby işgärlerden we halas ediş toparyndan jemi 13 adam ýogaldy, aglabasy ýangyn söndüriji we halas ediş toparyndan bolan jemi 90 adam bolsa ýaralandy. 


Etiketkalar: #milli ýas , #Gazagystan

Degişli Habarlar