Kiýewde Krym Ýeli Ösdi
Ukrainanyň Paýtagtynda Krym Tatar Medeniýeti Tanyşdyryldy
Krym tatarlarynyň medeniýeti Kiýewde geçirilen ajaýyp çärede ukrainalylara tanyşdyryldy.
“Krym hanlygynyň Ajaýyp Asyry” atly çärede, gatnaşyjylara ilki Krym kofesi hödürlendi.
Soň bolsa milli Krym tatar tagamlary, datlylary we içgileri tanyşdyryldy.
Çärä gatnaşyjylar folklor çykyşlary we görkezlişler bilen ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdiler.
Çärede modelýer Elimira Kataki we Leniýe İbragimowa tarapyndan taýarlanan Krym tatarlarynyň milli egin-eşikleri görkezildi.
Egin-eşikleriň bezegleriniň manylary we zenan baş geýimleriniň tikilişi ýakynda maglumat berildi.
Myhmanlar çäräniň dowamynda Krym tatar myhmansöýerliginde ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdiler.
Degişli Habarlar
Gazak Sungat Ussady Stambulda Konsert Berdi
Düýn 30 ýaşyny gutlan Kudaýbergen, konsertde iň halanýan aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Ermenistan Basyp Alyşlyk Atyndaky 4 Obany Azerbaýjana Berdi
Ermenistan Gazah şäherinde basyp alyşlyk astyndaky 4 obany Azerbaýjana berdi