TBMM-niň Başlygy Şuşa Baryp Gördi

Şentop Şähere Uly Zeper Ýetirilendigine Ünsi Çekdi

1682802
TBMM-niň Başlygy Şuşa Baryp Gördi

Azerbaýjanda saparda bolýan TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop ermeni basybalyjylaryndan halas edilen Şuşa şäherine bardy.

Şentop, Azerbaýjanyň we Pakistanyň Mejlisiniň Başlyklary bilen şäheriň esasy ýerlerine baryp gördi.

TRT-ä beýanamma beren ŞEntop, şähere agyr zeper ýetendigine ünsi çekdi.

“Bu wagşylygy diňe basybalyjylar eder” diýdi.

Mejlisiň Başlygy Şentop, Ermenistanyň agressiw syýastalar bilen hiç hili netijeli alyp bilmejekdigini hem beýan etdi.

Ermenistanyň ylalaşygyň kadalaryny bozýandygyny, durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtan Şentop: “Ol esasanda-da ermeni halky üçin peýdaly bolar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar