Azerbaýjan, Türkiýä Gynanç Bildirdi

“Biz kyn günlerinde doganlyk ýurt Türkiýä ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýar”

1682532
Azerbaýjan, Türkiýä Gynanç Bildirdi

Azerbaýjan Türkiýedäki tokaý ýangynlarynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Twitterden beren habarnamasynda, Türkiýede tokaý ýangynlarynyň dowam etmegine we ýangynlarda adam pidasynyň çekilmegine uly gynanç bildirýändigini aýtdy.

Ýangynda ýogalanlara Alladan rehnet dilän Baýramow, “Biz kyn günlerinde doganlyk ýurt Türkiýä ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýar” diýdi



Degişli Habarlar