Ermenistan Azerbaýjana degişli ýerlere od açdy
Beýanatda Ermenistanyň goşunynyň od açmagy netijesinde 2 azerbaýjanly esgeriň ýaralanandygy aýan edildi
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, ermenistanly esgerleriň iki ýurdyň serhediniň arasyndaky Kelbejer welaýaty tarapyndaky Azerbaýjana degişli ýerlere od açmagy netijesinde 2 esgeriň ýaralanandygyny habar berdi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Kelbejer welaýatyndaky ýerleriň, ýerli wagt bilen sagat 00:50-den başlap Basargeçer welaýatyndaky Ermenistana degişli ýerlerden od açylandygy mälim edildi.
Beýanatda Ermenistanyň goşunynyň od açmagy netijesinde azerbaýjanly 2 esgeriň ýaralanandygy aýan edildi.
Azerbaýjanyň goşunynyň guralan hüjüme garşylyk görkezendigi bellenen beýanatda, serhet liniýasy boýunça artýan dartgynlygyň ähli jogapkärçiliginiň Ermenistana degişlidigi beýan edildi.
Degişli Habarlar
Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.