Ermenistan Azerbaýjana degişli ýerlere od açdy
Beýanatda Azerbaýjan tarapyndan ýogalan ýa-da ýaralanan esgerleriň bolmandygy, garşy tarapa artykmajy bilen od açylyp garşylyk görkezilendigi aýan edildi
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanly esgerleriň iki ýurdyň serhediniň arasyndaky Kelbejer tarapyndaky Azerbaýjana degişli ýerlere od açandygyny habar berdi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Kelbejer welaýatynyň Zeýlik obasy tarapynda ýerleşýän ýerleriň, düýn ýerli wagt bilen sagat 15:30 töwereginde Basargeçer welaýatynyň Ýokary Şorja obasyndaky Ermenistana degişli ýerlerden snaýperler we pulemýotlar bilen od açylandygy mälim edildi.
Beýanatda Azerbaýjan tarapyndan ýogalan ýa-da ýaralanan esgerleriň bolmandygy, garşy tarapa artykmajy bilen od açylyp garşylyk görkezilendigi aýan edildi.
Degişli Habarlar
Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.