Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Russiýada saparda bolýar

Iki lider duşuşygyň metbugata açyk bölüminde beýanat berdiler

1678150
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Russiýada saparda bolýar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde duşuşyk geçirdiler. 

Iki lider duşuşygyň metbugata açyk bölüminde beýanat berdiler. 

Wladimir Putin, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň koronawirus epidemiýasyndan soň düzelmäge başlandygyny beýan etdi. 

Putin, bu ugur bilen baglanşykly iň gysga wagtda rus wekiliýetiniň Azerbaýjana gitjekdigini belläp, iki ýurdyň Kowid-19-ä garşy göreş babatynda hem hyzmatdaşlyk edýändigini mälim etdi. 

Sebitleýin meseleleriň hem üstünde durup geçen Putin, Aliýewiň sebitdäki ýagdaýyň çözülmegine uly ähmiýet berýändigini, oňa uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp: "Ylalaşykly çözgütleriň tapylmagy mynasybetli size minnetdarlyk bildirýärin. Bular hemişe iň kyn bolan taraplarydyr. Emma meseläni çözmek isleýän bolsak, elbetde meseläniň çözüwini isleýäris, onda bu ýolda diňe öňe gitmegimiz gerek. Häzirki wagtda şony edip bildik" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem öz gezeginde iki ýurdyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ýylyň ilkinji ýarymynda gowulaşandygyny belläp, onuň örän möhümdigini beýan etdi. 

Russiýa bilen transport ugrunda hem gatnaşyklaryň özgerendigini aýdan Aliýew, Demirgazk-Günorta transport koridorynyň üsti bilen ýük daşalýandygyny habar berdi. 

Daglyk Garabag söweşinden soň sebitdäki ýagdaýyň üstünde durup geçen Ilham Aliýew, bu babatda Putin bilen hemişe aragatnaşyk içindedigini, onuň sebitiň durnuklylyga gowuşmagynda möhüm rol eýeleýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar