20-nji Iýul Zulumyň Ortadan Aýrylan We Kipre Parahatçylygyň Gelen Günüdir

Erdogan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda Parahatçylyk we azatlyk baýramyna bagyşlanan dabara gatnaşdy

1677783
20-nji Iýul Zulumyň Ortadan Aýrylan We Kipre Parahatçylygyň Gelen Günüdir
tatar.jpeg

Prezident R.T.Erdogan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda Parahatçylyk we azatlyk baýramyna bagyşlanan dabara gatnaşdy

Erdogan dabarada sözlän sözünde grekleriň Kipr türklerini azlyk görme, deňlige esaslanýan çözgüdi kabul etmezlik gapyllygyndan oýanmandygyny aýtdy.

Erdogan: “Grek tarapy hakykatlardan üzňe, maksimalist, ynamsyz we lälik çemeleşmesini dowam etdirmekde ygrarly” diýdi.

R.T.Erdogan ÝB-ni hem tankyt edip; “ÝB maliýe taýdan, dolanşyk taýdan Demirgazyk Kipre goldaw berjekdi, berdimi? Ýok. Bularyň durmuşy ýalana esaslanýar” diýdi.

Prezident Erdogan Kipriň grek dolanşygy hakynda bolsa: “Aralarynda henizem 1974-nji ýyldan ozalky gyrgynçylyklary küýseýänleriň bardygyny görýäris. Bular dogruçyl däl” diýdi.

Erdogan Kipr meselesi hakynda bolsa: “Biz mamla, mamla bolanymyz üçin hem soňuna çenli hakymyzy gorarys. Onlarça ýyllap üýtgemeýän, gysga möhletde-de üýtgemegine garaşylmaýan gödek çemeleşmäniň indi hiç hili hökümi galmady. Bizden mundan beýläk egilşige garaşmasynlar” diýdi.

Erdogan hiç kimiň Kipr türklernden deň hukuk derejesinden we özygtyýarlylygyndan el çekmegine, greklerin ygryýaryna tabyn bolup, azlykda ýaşamagyny kabul etmegine garaşmaly däldigini nygtap: “Gaty görmesinler, 47 däl, 147 ýyl ýa-da 247 ýyl geçse hem Kipriň türk halky garaşsyzlygyndan we azatlygyndan el çekmez” diýdi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar bolsa: “Kipr adasyndaky kontinental şiftimizdäki tebigy baýlyklaryň deň hukukly eýesi hökmünde ony Türkiýe bilen bilelikde çykararys” diýdi.

Tatar: “Parahatçylyk operasiýasy bilen ene watan Türkiýä dil uzadýanlar taryhy hakykatlary ýoýmaga dowam edýärler. Ýapyk Maraşyň açylmagyna, Gozgalmasyz emläk komissiýasynyň utgaşdyrmagynda emläk hukuklaryna laýyklykda dywam ediler” diýdi.



Degişli Habarlar