Fuat Oktaý Türkiýe-Özbegistan Işewürler forumynda çykyş etdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 6-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Özbegistan bardy

1666138
Fuat Oktaý Türkiýe-Özbegistan Işewürler forumynda çykyş etdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, koronawirus epidemiýasy krizisine garamazdan Türkiýäniň Özbegistan bilen ýerine ýetiren söwda kuwwadynyň 2021-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda, 2020-nji ýylyň ilkinji 5 aýyna garanyňda 93 göterim artyp, 1,5 milliard dollar derejä ýetendigini mälim etdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 6-njy maslahatyna gatnaşmak üçin baran Özbegistanda, Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan geçirilen Özbegistan-Türkiýe Işewürler forumynda eden çykyşynda, iki ýurdyň berk doganlyk gatnaşyklaryna, umumy dile, dine we medeniýete eýedigini habar berdi. 

Özbegistanyň Orta Aziýadaky ähli döwletler bilen goňşy bolan hem syýasy geografiýa hem-de taryhy gatnşyklary sebäpli strategik pozisiýa eýeleýändigini aýdan Fuat Oktaý, şol sebäpli Özbegistanyň ösmeginiň diňe özbek halky üçin däl, eýsem sebitiň asudalygy we durnuklylygy üçin hem ähmiýetlidigini beýan etdi. 

Fuat Oktaý, gurluşyk, energetika dag magdan ýaly strategik pudaklarda Anadolynyň tejribesini Özbegistan bilen paýlaşýan kärhanalaryň gysga wagtda uly işler etmekleriniň, hyzmatdaşlyk ygtyýaryny goradyklary saýyn uly-uly üstünliklere ýetjekdikleriniň görkezijisi bolandygyny aýan etdi. 

Oktaý, Özbegistanda türk maýaly kärhanalaryň jemi maýa goýumlarynyň 1 milliard dollara ýetendigini we Türkiýäniň Özbegistanyň ilkinji 5 söwda hyzmatdaşynyň arasyndaky ýerini durnukly ýagdaýda goraýandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar