Aliýew: "Parahatçylyk ylalaşygy üçin taýarlyklar görülmeli" diýdi

Ilham Aliýew, Daglyk Garabag meselesiniň çözülendigini belläp: "Serhet liniýasynyň kesgitlenmegi babatynda iş topary döredilmelidir. Parahatçylyk ylalaşygy üçin taýarlyklar görülmeli" diýip belledi

1665462
Aliýew: "Parahatçylyk ylalaşygy üçin taýarlyklar görülmeli" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, 26-njy iýun Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli goşunyň serkerdeleri we ýokary derejeli ofiserleri bilen duşuşyk geçirdi. 

Harbylary Azerbaýjanyň goşunynyň döredilmeginiň 103 ýyllygy bilen gutlan Aliýew, çykyşynda Garabag söweşine alyp giden tapgyrdan, 30 ýyllyk basyp alyşlygyň bes edilip, topraklaryň azatlyga gowuşdyrylmagynyň üstünde durup geçdi. 

Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň goşunyny güýçlendirmäge dowam etjekdiklerini belläp, Ermenistanyň bolsa duşmançylykly syýasatlaryndan ýüz öwürmese, diňe harby güýjüni, ýumrulan we ýok edilen goşunyny däl, eýsem ykdysady gatnaşyklaryny hem yzyna gaýtaryp getirip bilmejekdigini beýan etdi. 

Ermenistanyň galkynyşynyň ýeke täk ýolunyň goňşylary bilen kadaly gatnaşyklar ýola goýmakdan we toprak bilen bagly öňe sürmelerinden ýüz öwürmekden geçýändigini aýdan Aliýew: "Daglyk Garabag sözüni hiç haçan ulanmaly däldirler. Daglyk Garabag diýip dolanşyk bolmanlygy sebäpli, Daglyk Garabag meselesi diýip bir sözlem hem ýokdyr. Muny ençeme gezek aýtdym we ýaňadandan aýtmak isleýärin, sebäbi Daglyk Garabag meselesi çözüldi. Ermenistan muny kabul etmelidir we serhetleri kesgitlemek üçin biz bilen bilelikde işleşmelidir. Serhet liniýasynyň kesgitlenmegi babatynda iş topary döredilmelidir. Parahatçylyk ylalaşygy üçin taýarlyklar görülmeli" diýip nygtady. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow hem ýurdyň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli beren beýanatynda, goşunyň edermenlik we watansöýüjilik görkezmeginde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň uly rolunyň bolandygyny belledi. Hasanow: "Söweş bir goşun üçin synagdyr. Bizi bu synaga Türkiýäniň Ýaragly güýçleri taýarlady" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar