TBMM-niň Başlygy Şentop, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Minnihanow Bilen Duşuşdy

Şentop, 11-nji maýda Kazanda guralan hüjümde ýogalan we ýaralanan okuwçylar we mugallymlar sebäpli tatarystanyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi

1664393
TBMM-niň Başlygy Şentop, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Minnihanow Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Mustafa Şentop, Mejlisde bolan duşuşykda, Türkiýe bilen Tatarystanyň arasyndaky taryhy we medeni baglaryň, Russiýa Federassiýasy bilen edilýän gatnaşyklarda esasy orun eýeleýändigini nygtap, “Tatarystanyň durnuklylygy, asudalygy we bagtyýarlygy üçin birlikde işleşmekden hoşal” diýdi.

Şentop, 11-nji maýda Kazanda mekdebe guralan hüjümde ýogalan we ýaralanan okuwçylar we mugallymlar sebäpli tatarystanyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Mustafa Şentop, “Türk maýadarlaryna berýän goldawlaryňyz üçin hem size sagbolsun aýdýarys” diýdi.

“Biz, Türkiýe we doganlyk türk halky bilen edýän ýokary gatnaşyklarymyzdan hoşal” diýen Minnihanow hem, Russiýa Federassiýasy bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň özleri üçin möhümdigini nygtady.

Parlamentara gatnaşyklaryň artdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çeken Minnihanow, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň ýakynda Türkiýä sapar gurajakdygyny, TBMM-niň wekiliýetini hem Tatarystanda myhman almakdan hoşal boljakdyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar