Warank Minnihanow Bilen Duşuşdy

Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank Türkiýe bilen Tatarystanyň meýilleşdirilen maýa goýumlary we ylalaşyklar bilen ykdysady taýdan has uly netijeleriň alynjakdygyny aýtdy.

1664212
Warank Minnihanow Bilen Duşuşdy

Mustafa Warank paýtagt Ankarada saparda bolýan Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Minnihanow Türkiýedäki saparynyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirendiklerini beýan edip, bilelikdäki taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmegine kanagatlanma bildirdi.

Warank bolsa iki ýurduň taryhy, medeni gatnaşyklarynyň bardygyny nygtap; “Bu taryhy we medeni gatnaşyklary ykdysady taýdan hem ösdürmäge dowam etmek isleýäris. Daşary söwda mukdarymyz 360 million dollara barabar bolsa hem, Türkiýänin esasy öndürijileriniň Tatarystanda uly göwrümli maýa goýumlary bar. Türk firmalarynyň maýa goýumlary 2,5 milliard dollara barabar we ol Russiýadaky ähli türk maýa goýumlarynyň ¼ bölegine deň gelýär” diýdi.

Warank iki taraply maýa goýumlaryň artmagyny arzuw edip; “Tatarystanyň bärde goýmagy meýilleşdirýän maýa goýumlary we ýurtlarymyzyň arasyda gol çekişiljek ylalaşyklar bilen has gowy ykdysady netijeler alarys” diýdi.



Degişli Habarlar